Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC Sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29–30-njy iýulynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýada Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC)” maksatnamasynyň Sanly Geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmen wekiliýeti sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek hem-de CAREC sebitinde sanly arabaglanyşygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek ýörelgelerine Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmen wekilleri CAREC giňişliginde döwrebap we bitewi sanly ekoulgamy döretmegiň möhümdigini belläp, onuň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, serhetüsti sanly hyzmatlary giňeltmekde we sebitleýin integrasiýany çuňlaşdyrmakda esasy hereketlendiriji güýçdigini nygtadylar.
Şeýle hem wekiliýet Türkmenistanda telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, sanly döwlet hyzmatlaryny giňeltmek we saglygy goraýyş ýaly dürli pudaklarda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň bu çärä işjeň gatnaşmagy ýurduň CAREC-iň sebitleýin sanly gün tertibini goldaýandygyny hem-de agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Maslahat beriş duşuşygyna Päkistanyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa Ösüş Bankynyň Päkistandaky wekilhanasynyň direktory Emma Fan, şeýle hem CAREC-e agza bolan dokuz sany ýurduň wekiliýetleri, şol sanda ýokary derejeli döwlet işgärleri, telekommunikasiýa operatorlary, düzgünleşdiriji edaralar, halkara guramalary, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we tehniki bilermenler gatnaşdylar.