TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu ýokary okuw jaýynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan “Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi” atly tegelek stol gurnady.   

Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetleriň professorlary hem-de bu ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen, rumyn we daşary ýurt talyplary gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylara geçiriljek Hazar ykdysady forumy hakynda we Türkmenistanyň sosial-ykdysady kuwwaty barada maglumat berildi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş mümkinçilikleri baradaky meseleler boýunça pikir alşyldy.