TÜRKIÝÄNIŇ ÝOZGAT ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR GEÇIRILDI

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýozgat şäherindäki Bozok uniwersitetinde ylmy maslahat geçirildi.

 Maslahata Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde Ýozgat welaýatynyň gubernatory K.Çakyr we Ýozgat şäher  häkimi J.Köse, Bozok uniwersitetiniň rektory A.Karadag, şeýle hem bu uniwersitetiň edebiýatşynas professor mugallymlary gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyşlar edildi.

Ylmy maslahat başlamazdan öň Türkiýäniň Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde ýerleşýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Çärä Ýozgat şäher häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Bozok uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplar, uniwersitetiň professor mugallymlary, şäheriň ýerli raýatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.