TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE HZG: ÝAKYN GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär.   

Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy bolar.

Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň nobatdaky sessiýasynyň işine synçy hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň (KAMM) başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada saparda bolýar.    

HZG-nyň Zähmetkeşler bilen işlemek boýunça Edarasynyň (ACTRAV) çakylygy boýunça Ženewa gelen Türkmenistanyň wekiliýeti 2020-2021-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin saparynyň çäklerinde ACTRAV-yň Zähmetkeşleriň işi boýunça Edarasynyň Direktory bilen duşuşyk geçirdi. 

Häzirki wagtda Edara [ACTRAV] görkezilen döwür üçin kärdeşler arkalaşyklary bilen işleriň meýilnamasyny, şeýle hem HZG-nyň 108-nji mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça zerur bolan hereketleri taýýarlaýar. Merkezi Aziýa sebiti HZG üçin aýratyn ugurlaryň biri bolup durýar we Türkmenistanyň wekiliýeti bilen hem 2020-2021-nji ýyllar üçin HZG-nyň we KAMM-nyň arasynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we çärelerini işläp taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Saparyň çäklerinde şeýle hem HZG-nyň dürli bölümleriniň, şol sanda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilendir.