TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr.

1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nji ýylda Hereketleriň Pekin platformasynyň 12 sany möhüm ugur boýunça gender deňliginiň gazanylmagy boýunça strategiki maksatlary we hereketleri kesgitlemeginden bäri 25 ýyl bolýandyr.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy tarapyndan BMG-niň Aýallar boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa Sebitleýin bölümi bilen birlikde  Ženewanyň Milletler Köşgünde guralan mejlise Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň başlygy G.Ataýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Hereketleriň Pekin jarnamasynyň we Platformasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin syny we barşyna baha bermek 2020-nji ýylda «Pekin + 25» ählumumy synyny taýýarlamagyň çälerinde geçirilýändir.  

1995-nji ýylyň Hereketleriň Pekin jarnamasynyň we Platformasynyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça toplumlaýyn syn boýunça Türkmenistanyň milli hasabaty (2014-2019-njy ýyllar döwür üçin) soňky bäş ýyldaky esasy gazanylanlary, aýallara we gyzlara gatnaşykda ösüşiň depginini tizleşdirmek işindäki esasy aýratynyklary, şol sanda zähmete bolan hukuklaryň we iş ornuna bolan hukuklaryň üpjün edilmegi boýunça tagallalary hem-de netijeleri özünde jemleýändir.   

Türkmenistanyň hasabatynda 2015-2020-nji ýyllar döwür üçin gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagyndaky netijeler we geljekki ädimler aýratyn orun eýeleýändir, ol bolsa üstünlikli we gowy netijeler bilen durmuşa geçirilýändir.