Päkistanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan webinar maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkezi (CGSS) bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegiň we sebitara hyzmatdaşlygyň guraly” atly webinar maslahaty geçirildi.

Webinaryň işine türkmen diplomatlary, Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkeziniň prezidenti Halid Amir Jafferi, bu merkeziň ylmy işgärleri, Türkmenistan we GDA ýurtlary boýunça geosyýasatçy Mehmud Ul Hassan Han hem-de Peşawar uniwersitetiniň Sebiti öwreniş merkeziniň müdiri Şabbir Ahmed, şeýle hem birnäçe seljeriş merkezleriň, gazet-žurnallaryň wekilleri we bu ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň barşynda çykyş edenler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolandan soňra geçen döwürde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde özüni tanadandygy nygtadylar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň diplomatiýanyň netijeli hem-de ygtybarly gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigi bellemek bilen, onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti beýan edildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda geçirilýän çäreler hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýändigi bellenip, durmuşa geçirilýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki tutýan orny aýratynda, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly bilelikdäki taslamalaryň bu sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine oňyn täsir etjekdigi barada gürrüň edildi.