TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 17-18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy.

Bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, gender deňsizliginiň aradan aýrylmagy bilen bir hatarda, halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda aýallaryň hukuklarynyň we gyzyklanmalarynyň goraglylygyna, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň berilmegine hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändir, bu bolsa öz nobatynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen sazlaşykly utgaşýandyr.