TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA” ATLY ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň işine şeýle hem Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmege garşy göreşmek, daglyk sebitleriniň ösdürilmegi we beýlekiler bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar.
Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde howpsuzlygy saklamak boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly sebitleýin başlangyjy işe girizildi.
Başlangyjyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly howplary baradaky gepleşigi goldamakdan ybaratdyr.
“Ýaşyl Merkezi Aziýanyň” ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmekde ähmiýeti bardyr. Bu strategiýa ýurtlaryň howa we ekologiki ýagdaýlary ýaly içerki we daşarky howplaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Wekiliýetleriň baştutanlary “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly başlangyjy goldadylar we bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.
Mundan başga-da, 27-28-nji ýanwarda ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri GFR-iň Daşary işler ministri Haýko Maas, Gündogar Ýewropada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Žozep Borell Fontelles, GFR-iň ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaýer hem-de GFR-iň Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Ýan Heker şeýle-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýs Nab dagy bilen duşuşyklary geçirdi.