RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...

DOWAMY
pic
19 Sen

Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny belläp, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak we saglygy goraýyş ugurlarynda ö...

DOWAMY
pic
18 Sen

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) öz işine başlady

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) resmi taýdan açyldy. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitri...

DOWAMY
pic
17 Sen

PDIM-niň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň baş direktory bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň täze wezipä bellenen Merkezi Aziýa we YHG departamentiniň Baş müdiri Hasan Ali Zaýgam bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan hem beýläk berkitmek we giňeltmek boýunça özara bähbitli gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Ilçisi Yslamabatda "Annual LCCI Ambassadors' Dinner 2025" çäresine esasy myhman hökmünde gatnaşdy

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt Ilçileriň hormatyna Lahor Söwda-senagat palatasy tarapyndan Yslamabatdaky Serena myhmanhanasynda gurnalan "Annual LCCI Ambassadors' Dinner 2025" agşamlyk naharyna esasy myhman hökmünde gatnaşdy. Çärede Lahor Söwda-senagat palatasynyň prezidenti we wise-prezidentleri çykyş edip, çärä gatnaşandyklary üçin Ilçilere minnetdarlyk bildirdiler. Olar Lahor Söwda-s...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Wengriýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Wengriýanyň Päkistandaky täze Ilçisi Zoltan Wargany kabul etdi. Duşuşykda türkmen diplomaty öz kärdeşini Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zardarä ynanç hatyny gowşurmagy bilen mähirli gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de, ol wengriýaly kärdeşine Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň işi barada gürrüň berip, onuň Päkistanyň döwlet edaralary, işewür toparlary we jemgyý...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Ilçisi Pakistan TV edara binasyna bardy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow “PTV World” teleýaýlymynyň ýerine gelen iňlis dilindäki täze “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Ilçisi täze teleýaýlyma interwýu berip, onda “Pakistan TV” teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini giňişleýin döwrebaplaşdyryş işleriniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady we bu ädimiň ýaýlymyň hilini ýokarlandyrmakda we milli telewideniýäniň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmekde möhümdigi...

DOWAMY