RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa - Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bekte...

DOWAMY
pic
16 Iýun

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär. Häzirki güne çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler....

DOWAMY
pic
14 Iýun

BAE bildirilen ynsanperwerlik üçin Türkmenistana sagbolsun aýdýar

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň adyndan “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda BAE-niň awiakompaniýasynyň birnäçe gatnawlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde mejbury gonmagy bilen baglylykda T...

DOWAMY
pic
14 Iýun

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary işler ministri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegine aladalylygyny bildirýändigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen,...

DOWAMY
pic
14 Iýun

Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär

Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar. Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanyň ilçisi Gurban baýramy mynasybetli Päkistanyň Prezidentiniň dabaraly kabul edişligine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň Aiwan-e-Sadr köşgünde Päkistanyň Prezidentiniň Gurban baýramy mynasybetli kabul edişligine gatnaşdy. Diplomat Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň adyndan Päkistanyň Prezidentini rehimdarlygy, agzybirligi we özara düşünişmegi häsiýetlendirýän esasy musulman baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen gutlady.

DOWAMY
pic
10 Iýun

Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa saparyny alyp görkezdi

2025-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet sapary baradaky wideo reportažy Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy 4-nji iýunda ýaýlymda görkezdi. Ýaýlymda Türkmen Liderini dabaraly garşy almak çäresi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşygynyň esasy pursatlary, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabaralary görkezildi. Mongoliýanyň Prezidentiniň...

DOWAMY